Gara malina deriniň allergiýa täsirini azaldyp biler

  • 07.07.2020 15:51
  • 6.1k+

Alymlaryň geçiren täze barlagy bir günüňe gara malinanyň bir paýynyň deriniň allergiýa täsirini peseldip biljekdigini görkezdi. “Gatnaşykly ýokary duýgurlyk” diýlip atlandyrylýan ýagdaýda organizmiň immun ulgamy örän güýçli täsirlenýär. Bu öz gezeginde gatnaşyk bolan ýerdäki epidermanyň çişmegine, gyzarmagyna we gyjyndyrmagyna getirýär diýip, Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär. Muny sterlitamaktime.ru belläp geçýär.
Ýaglar, steroidiň esasyndaky kremler çişi gowşatmaga kömek edýär. Ýöne hünärmenler tebigy dermany – gara malinany tapmagy başardylar. Bu miwäniň netijeli täsiri gemrijilerde geçirilen tejribede subut edildi. Ýagny, olaryň iýmit rasionyna gara malinany goşdular. Syçanlaryň ýene bir gözegçilik toparyna bu miweden bermediler. Üç hepdeden birinji toparyň gemrijilerine gulagyň çişinde ýüze çykýan gatnaşykly ýokary duýgurlygyň emele gelmegi üçin allergenleri goýberdiler. Soňra olar her bir syçanyň gulagyny deňeşdirip, çişiň kiçelýändigini ölçediler. Netijede, gara malina bilen iýmitlenen syçanlarda rasionyna bu miwe goşulmadyklar bilen deňeşdirilende çişiň ep-esli kiçidigi anyklanyldy. Barlag geçirijileriň pikiriçe, gara malina organizmiň immun sistemasy üçin wekil hökmünde çykyş edýän dendrit öýjüklerini modulirlemäge ukyply. Olar immun sistemasyna allergiýadan goragy işletmegiň zerurlygyny ýa-da däldigini habar berýärler. Ýöne hünärmenler gara malinany böwürslen bilen çalşyrmazlygy maslahat berýärler, sebäbi olaryň daşyndan meňzeşligi bar. 

düýn 23:10
1.3k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.5k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....