BSGG-ni koronawirusyň howa boýunça geçýändigini boýun almaga çagyrdylar

  • 07.07.2020 15:01
  • 15k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy üçin onuň koronawirus bilen göreş boýunça maslahatlaryny täzeden gözden geçirmegi bilen bagly haýyşy özünde jemleýän açyk hata 32 ýurtdan 230-dan gowrak alym gol çekdi. Bu barada “The New York Times” neşirine salgylanmak bilen regnum.ru habar berýär.
BSGG koronawirus, esasan, meselem, üsgürilende ýa-da asgyrylanda çykýan uly damjalar arkaly ýaýraýar diýip hasaplaýar. Ýöne aerozol geçijilik özünde birnäçe wagtyň dowamynda howada saklanyp bilýän we bir metrden hem daşlykda bolan töwerekdäki adamlara geçip bilýän ownujak bölejikleri saklaýar. Şunuň bilen birlikde damjalar ýerde hem ýeterlik derejede çalt ornaşýarlar.
Alymlaryň pikiriçe, jaýyň içindäki howada saklanýan ownujak bölejikler arkaly koronawirus ýaýrap bilýär. Koronawirusyň ýaýrawyny minimal derejä getirmek üçin olar maslahatlary üýtgetmäge çagyrýarlar. BSGG-niň hünärmenleri aerozol ýaýrawynyň öňüni almak üçin täze çäreleriň girizilmeginiň mümkin däldigini we munuň infeksiýanyň ýaýrawy üçin uly ähmiýetiniň bolup bilmejekdigini aýdýarlar.
Alymlar COVID-19 ýaýrawynyň bolup geçen ýerlerinde, şol sanda et kombinatynda täze ýüze çykýan subutnamalar howa arkaly geçijiligiň BSGG-niň kabul edişinden hem möhüm bolup biljekdigini delillendirýär diýip belleýärler.
Eger-de koronawirusyň geçmeginiň şeýle usuly ähmiýetli sebäp diýlip tassyklanylsa, onda maslahatlary täzeden gözden geçirmek gerek. Esasanam, howany täzelemeklige çemeleşmegi gözden geçirmeli, jaýlarda maskalary hökman dakynmaly bolar, lukmanlara bolsa ownujak damjalary arassalamaga ukyply bolan N95 respiratorlary gerek bolar. Şeýle-de, käbir binalarda bolup biljek infeksion bölejiklerinden goranmak üçin ultramelewşe şöhlelenmesini oturtmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikir hem aýdylýar.

26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......