Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

  • 04.07.2020 12:00
  • 17k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory wezipesine Gurbangeldi Muhammedow bellenilip, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine Jumamyrat Gurbangeldiýew bellenildi. Ondan öň ol şol ýokary okuw mekdebiniň prorektory wezipesinde işleýärdi.
Baba Zahyrow başga işe geçmegi sebäpli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. 
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Şahym Abdrahmanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
Hajymuhammet Geldiýew başga işe geçmegi sebäpli, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

düýn 16:31
2.9k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär...

düýn 15:41
8.7k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

05.02.2026 18:47
7.8k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...

05.02.2026 02:54
8.5k+

Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy

Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär...