Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet boýunça täze wise-premýeri belledi

  • 03.07.2020 23:51
  • 9.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bahargül Abdyýewany başga işe geçmegi sebäpli medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bu wezipä Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Mährijemal Mämmedowa bellenildi.
Türkmen Lideri täze wise-premýere medeniýet, ýerli habar beriş serişdeleriniň işinde maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ulgamynyň material-tehniki mümkinçiliklerini doly herekete girizmegi, şeýle hem bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

düýn 14:50
1.2k+

Microsoft 2026-njy ýylyň Xbox Game Pass oýunlarynyň ilkinji tapgyryny mälim etdi

Microsoft kompaniýasy şu ýyl Xbox Game Pass kitaphanasyna giriziljek ilkinji uly täzelenmäni resmi taýdan yglan etdi. Abonentler dürli žanrlardaky oýunlara — AAA blokbasterlerden we horrorlardan başlap, garaşsyz (indie) studiýalaryň täze taslamalaryna hem-de nusgawy oýunlaryň täzeden neşir edilen görnüşlerine (remaster) elýeterlilik alarlar...

düýn 14:40
2k+

A24 Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» trilleriniň treýlerini hödürledi

A24 kinokompaniýasy «Robin Guduň ölümi» (Смерть Робин Гуда) trilleriniň treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi Hýu Jekman ýerine ýetirdi. Filmiň çykmagy şu ýyla meýilleşdirilýär, ýöne premýeranyň takyk senesi entek habar berilmeýär...

07.01.2026 23:29
3.3k+

LEGO içinde kompýuter oturdylan akylly «kerpiçjigi» döretdi

Daniýanyň LEGO kompaniýasy Las-Wegasdaky CES 2026 sergisinde Smart Play platformasyny hödürledi. Onuň esasy elementi «akylly» Smart Brick kerpiçjigi boldy. Adaty 2x4 kerpiçjiginiň içinde hakyky mikroelektronika ulgamy ýerleşdirildi...

07.01.2026 12:50
1.3k+

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2025-nji ýylyň dekabrdaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Ilkinji sahypalarda «Täze eser...