Russiýa Ýewropa Bileleşiginiň serhetlerini açjak "ygtybarly" ýurtlarynyň hataryna girip bilmedi

  • 02.07.2020 19:12
  • 10k+

Pandemiýa sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna girizilen syýahat çäklendirmeleri aýrylyp başlandy. Çarşenbe günündäki ýagdaýa görä, 15 sany ýurduň ýaşaýjylaryna Ýewropa Bileleşiginiň daşarky serhetlerinden geçmäge rugsat berildi. Bu barada Euronews habar berýär.
Bu sanawa şertli ýagdaýda Hytaý hem goşuldy. Şerte görä, Hytaý hem garşylyklaýyn jogap bermeli, ýagny öz serhetlerini Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary üçin açmaly. Şeýle-de bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň serhetleri Russiýa hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin henizem ýapyklygyna galýar.
Brýusseliň Waşingtondaky öňki wekili Jon Bruton munuň aňyrsynda, esasan, epidemiologik garaýyşlary görýär. Ol: "Ýewropa Bileleşigi muny keseliň derejesi, ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak we uçar bilen Ýewropa gidip barýan hem-de koronawirus ýokanjyny özi bilen alyp barýan adamlary saklamak mümkinçiligini nazara alyp, iňňän seresaplylyk bilen işläp taýýarlady. Bu hälki bir konwertiň arka ýüzüne biperwaýlyk bilen ýazylyp goýberiläýen zat däl" – diýip, bu babatdaky öz garaýşyny mälim edýär.
Şeýle-de bolsa, amerikalylary geçirmezlik karary häzirki prezidentiň döwründe transatlantik gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy sebäpli kabul edilen bolup biler. ABŞ-nyň ÝB-däki öňki ilçisi Entoni Gardneriň berýän maglumatyna görä, Donald Tramp ummanyň üstünden uçuşlary ilkinji bolup çäklendirdi.
"125 müňden gowrak ölüm we 2,5 million hadysa bar wagtynda kimdir biriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny howpsuz ýurt hasaplamagy çynlakaý teklip edendir öýdemok. Trampyň bu karary ýewropalylar bilen hiç hili maslahatlaşmazdan birtaraplaýyn kabul etmegi ýagdaýy aňsatlaşdyrmady. Şoňa görä-de, ýewropaly syýahatçylar henizem ABŞ-a syýahada gidip bilmeýärler" – diýip, Entoni Gardner belleýär.
Muňa garamazdan, Ýewropa Bileleşiginde tomusky dynç alşy geçirmek isleýän amerikalylar, şeýle hem ruslar üçin hemme zat gutaranok. Açyk ugurlaryň sanawy her iki hepdeden täzelenip durlar.

düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......