Maradona Ispaniýanyň ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip biler

  • 01.07.2020 18:45
  • 7.3k+

Argentinanyň ýygyndy toparynyň ozalky futbolisti, häzirki wagtda “Himnasiýa we Esgrima” klubynyň baş tälimçisi Diego Maradonanyň Ispaniýanyň milli toparynyň halypasy wezipesini eýelemegi mümkin. Bu barada “Infobae” neşiri habar berýär, muny euro-football.ru ýetirýär.
Çeşmäniň habar bermegine görä, 59 ýaşly hünärmen Ispaniýanyň Şa futbol federasiýasynyň (RFEF) ýolbaşçy wezipesine dalaşgär Antonio Torres bilen deslapky dilden ylalaşygy gazandy. Eger-de Torres RFEF-de geljekki saýlawlarda ýeňse, onda Maradona bilen iki ýyla niýetlenilen zähmet şertnamasyna gol çekilip bilner. Wezipe — DÇ-2022-niň finalyna ýetmek bolar. Ýatlap geçsek, 2018-nji ýyldan bäri Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesini Luis Enrike eýeleýär. Onuň bilen topar koronawirus sebäpli 2021-nji ýyla geçirilen Ýewro-2020-ä çykdy.
Maradona 2019-njy ýylyň sentýabrynda “Himnasiýany” esaslandyrdy. Mundan öň ol meksikan “Doradosda” hem-de BAE-den “Al-Waslda” we “Al-Fujaýrada” işledi, şeýle-de Argentinanyň ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk etdi. Iýunyň başynda Maradona “Himnasiýa” bilen şertnamany 2021-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Dünýä futbolynyň ýyldyzy özüniň özboluşly we kähalatlar dawaçyl hereketleri bilen bellidir.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......