KIA Ýewropada elektromobilleriň satuwyny ýokarlandyrmak boýunça strategiýasyny hödürledi

KIA Ýewropada elektromobilleriň satuwyny ýokarlandyrmak boýunça strategiýasyny hödürledi

Kia günorta koreý kompaniýasynyň ýolbaşçylygy ýaňy-ýakynda Ýewropada ulaglaryň elektrikleşdirilen hatarynyň geljekki ösüşi barada gürrüň berdi. 2026-njy ýyla çenli günorta koreý brendi täze awtomobilleriň satuw derejesini 500 müňe çenli artdyrmakçy bolýar diýip, car.ru habar berýär. Bu diňe Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna degişlidir. Kompaniýanyň öý bazarynda, ABŞ-da we Awstraliýada näçe sany ekologiki ulagy satmakçy bolýandygy bolsa belli däl.
2023-nji ýyla çenli KIA kompaniýasy Ýewropada täze elektromobilleriň satuw göwrümini 20% artdyrmakçy bolýar.
Muny dürli arzanladyjy meýilnamalaryň we dürli paýnamalaryň kömegi bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär. KIA-nyň taslama hödürlejekdigi barada hem maglumat bar, şol taslama laýyklykda, içki ýanma hereketlendirijili köne ulaglaryň eýeleri olary düýpli arzanladyş bilen elektrokarlara çalşyryp bilýärler.
Şeýle-de, KIA elektrokarlarynyň tehniki mümkinçilik derejesini giňeltmek meýilleşdirilýär, ol bu meselede brendiň esasy bäsdeşi bolan Tesla kompaniýasy bilen deňleşip bilmeli. Bir zady belläp geçmek gerek, “S” diýlip atlandyrylýan meýilnama 2025-nji ýyla çenli 11 sany täze elektrokary çalt taýýarlamak işini göz öňünde tutýar. Ýagny, ol dünýäniň dürli sebitindäki bazarlara ýeňil awtomobilleri, krossowerleri we miniwenleri çykarmagy meýilleşdirýär. KIA elektromobiliniň täze nesliniň krossower stilinde ýerine ýetirilen ilkinji modeli Ýewropada 2021-nji ýylda hödürleniler. Täze ýöriteleşdirilen elektromobilleriň premýerasyndan soň, 2022-nji ýyldan başlap we ondan soň KIA elektromobilleriň gurluş we dizaýn aýratynlygyny hasaba almak bilen döredilýän täze wersiýalaryň birnäçesini hödürlär.
Ýewropada elektrokarlary ösdürmek kararyna geçen ýylyň satuw netijeleri baradaky hasabatyndan soň gelindi, şonda KIA bir ýyl ozalka garanda 27% köp elektrokary satmagy başardy.