Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy: meýilnama — 1 mln 250 müň tonna hasyl

  • 26.03.2020 07:12
  • 3.3k+

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 25-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 29-njy martda bu işe başlarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektara golaý meýdan taýýarlandy. Bu çözgüt täze dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki islegleriň artmagy nazara alnyp kabul edildi.
Gowaça ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar.
Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasyly tabşyrylar.
Bu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si gatnaşdyrylar. Olar oba hojalykçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.
Pagtaçylyk — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyl hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirdiler.

düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

14.06.2026 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

13.06.2026 16:30
969

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....