Türkmenistanyň Prezidenti: «Diýarymyzda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawy artýar»

  • 25.03.2020 12:00
  • 6k+

24-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawynyň artýandygyny belledi.
Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar hasbat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri sanly ulgama geçilmegini işjeňleşdirmek hem-de içerki bazarlary azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek maksadynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Dokma senagaty ministri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň hasabatynda türkmenleriň gadymdan gelýän elde haly dokamak sungatyny gorap saklamaga, kämilleşdirmäge we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleleriň çözülişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem gök-bakja, et, süýt we beýleki gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde geçirilýän işler barada habar berildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy biržanyň Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek hem-de lomaý haryt bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň öňünde amala aşyrylmaly işleri tabşyryp, möhüm wezipeleri kesgitledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipe öz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işlerde halkyň hal-ýagdaýy we abadançylygy ykdysady bähbitden ileri tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, iş dolandyryş babatda täze, döwrebap usullary kesgitlemegi hem-de şol usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......