Ученые назвали необычный способ борьбы с глобальным потеплением

  • 21.03.2020 23:29
  • 5.8k+

Britan alymlary Ýer ýüzünde bolup geçýän global maýlama prosesine garşy göreşmegiň üýtgeşik usulyny aýtdylar. Rusfact.com saýtyna belli bolşy ýaly, alymlar stratosfera ýörite aerozollaryň goşulmagynyň düýpli klimatik üýtgemeleri ähli ýurtda diýen ýaly 2 esse haýalladyp bilýändigini nygtaýarlar.
Alymlar stratosfera aerozoly pürküji geoinženeriýa modelini işläp taýýarladylar we dürli temperatura görkezijilerinde onuň işleýşini barlap gördüler. Aerozol hökmünde kükürt dioksidi çykyş etdi. Bu usul minimal harçlama bilen Ýer ýüzüne abanýan klimatik howplary peseltmäge kömek edýär eken. Klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri diňe gury ýeriň uly bolmadyk böleginde ýüze çykar. Işiň awtory köp barlaglaryň Gün geoinženeriýasynyň geljekki ýylamalaryň ählisini kompensirleýän ssenariýasynda ünsi jemleýändigini düşündirýär. Awtorlaryň pikiriçe, modeliň maglumatlary boýunça bu klimatyň üýtgemeginiň netijesiniň güýçlenmeginden gury ýeriň 9% töwereginiň ejir çekmegine getirýär.
Eger-de muňa derek ýylamany 50% kompensirleseň şeýle geoinženeriýa netijeleri gury ýeriň diňe 1,3%-inde güýçlendirmek bilen klimatik üýtgemeleri ýeňilleşdirip biler. Ýöne awtorlar bu çemeleşmäniň bug gazlarynyň zyňyndylary esasynda dörän esasy meseläni çözüp bilmejekdigini belleýärler. Bu ideýany diňe toplumlaýyn çemeleşmäniň bir bölegi hökmünde kabul etmek bolýar. Zyňyndylary azaltmak klimatyň üýtgemegi meselesini çözmekde esasy wezipedir.
“Biziň netijelerimiz dogry möçber ulanylan ýagdaýynda we bug gazlarynyň zyňyndylary azaldylan ýagdaýynda stratosfera aerozolynyň geoinženeriýasynyň klimatyň üýtgemeginiň täsirlerini dolandyrmakda peýdaly bolup biljekdigini görkezýär. Muňa garamazdan, bu ideýanyň hakykatdan hem ýaşaýşa ukyplydygyny bilmek üçin has anyk barlaglary geçirmek gerek” – diýip, alymlar belleýärler.
Alymlar stratosfera aerozolynyň geoinženeriýa imitasiýasyny bu çemeleşmäniň klimatyň tutuş dünýäde üýtgemeginiň netijesini deň ýagdaýa getirýändigini ýa-da ýaramazlaşdyrýandygyny anyklamak üçin döretdiler.

24.04.2026 18:54
8.4k+

Серия торнадо обрушилась на центральные штаты США

23 апреля серия из 17 торнадо прошла по Великим равнинам США — от Техаса до района Великих озёр. Самый мощный вихрь обрушился на северо-запад штата Оклахома, сообщает Associated Press....

22.04.2026 01:04
7.7k+

«А23а всё». Считавшийся крупнейшим айсберг потерял 99% своей площади

Айсберг А23а, который до конца 2025 года считался крупнейшим в мире, практически прекратил существование, сообщили в Арктическом и антарктическом научно-исследовательском институте (ААНИИ)....

21.04.2026 16:23
10k+

В Бразилии сильнейший град повредил десятки тысяч автомобилей

В минувшие выходные на бразильский мегаполис Сан-Паулу обрушился мощный град размером с куриное яйцо. Власти в ряде муниципалитетов ввели режим чрезвычайной ситуации....

20.04.2026 20:13
6.9k+

В Японии произошло землетрясение магнитудой 7,7. Объявлена угроза цунами

У северо-восточного побережья Японии произошло землетрясение магнитудой 7,7. После этого в ряде районов объявили угрозу цунами, сообщает NHK со ссылкой на Японское метеорологическое агентство....