Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 21.03.2020 23:00
  • 4.6k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Seýdiniň NGIZ-de öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan we BAE-den gelen işewürler şeýle hem polipropilen («Türkmengaz» DK) satyn aldylar.
Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Gazagystan we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 576 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan gelen işewürler bahasy 223 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 831 müň manatdan gowrak boldy.

şu gün 00:39
1.2k+

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda wizasyz tertip hereket eder

Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary «Şawat-Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna wiza resmileşdirmesiz baryp bilerler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 23:26
1.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy...

düýn 14:26
2.8k+

Adalat köşgünde hukuk taýdan döwrebaplaşdyrmak we halkara başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy noýabrda Adalat köşgünde halkara standartlaryň çäklerinde milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – rowaçlygyň, ösüşiň we demokratiýanyň...

düýn 14:21
1.2k+

Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan maslahat geçirildi

18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi...