Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 21.03.2020 23:00
  • 4.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Seýdiniň NGIZ-de öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan we BAE-den gelen işewürler şeýle hem polipropilen («Türkmengaz» DK) satyn aldylar.
Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Gazagystan we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 576 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan gelen işewürler bahasy 223 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 831 müň manatdan gowrak boldy.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......