​«Kristal Pelas» UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 28.05.2026 09:02
  • 5k+

Angliýanyň «Kristal Pelas» futbol kluby UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy. Leýpsig şäherinde geçirilen final duşuşykda ol Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» toparyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdy.

​Oýundaky ýeke-täk goly 51-nji minutda fransuz hüjümçisi Žan-Filipp Mateta saldy.

Iki topar hem öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kubogynyň finalynda oýnady. «Kristal Pelas» mundan ozal diňe Angliýanyň Kubogyny, Superkubogyny we dört gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazanypdy.

​Geçen möwsümde londonly topar Angliýanyň Kubogyna eýe bolup, Ýewropa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdylar. Emma, UEFA-nyň birnäçe kluba bilelikde eýelik etmek baradaky düzgünleriniň bozulmagy sebäpli, klub Konferensiýa ligasyna düşürilipdi.

​«Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, iki toparyň düzüminiň jemi bahasy biri-birinden ep-esli tapawutlanýar: «Kristal Pelasynyň» oýunçylarynyň bahasy 541,3 million ýewro, «Raýo Walýekanonyňky» bolsa 107,3 million ýewro barabar.

​Gazanan bu ýeňşi üçin «Kristal Pelas» 7 million ýewro baýrak alar, «Raýo Walýekano» bolsa finala çykany üçin 4 million ýewro eýe bolar. Deňeşdirip aýtsak, Çempionlar ligasynyň finalyna çykanlara 18,5 million ýewrodan berilýär (ýeňiji goşmaça 6,5 million ýewro alýar), Ýewropa ligasynda bolsa finala ýetenlere 7 million ýewrodan gowşurylýar (ýeňiji goşmaça 6 million ýewro alýar).

​Şu möwsümde ýewrokuboklaryň ähli final oýunlarynda iňlis klublary bar: «Aston Willa» Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy, «Arsenal» bolsa 30-njy maýda Çempionlar ligasynyň jemleýji oýnunda Fransiýanyň PSŽ topary bilen ýüzleşer.

​Iňlis klublary Konferensiýa ligasynyň geçirilen bäş möwsüminiň üçüsinde ýeňiji boldular. Mundan ozal ýaryşy «Çelsi» bilen «West Hem Ýunaýted» utupdy.


şu gün 14:17
887

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
12k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......