Futbola düşünip bilmeýärler: iň kämil EA modelleri hem APL-de pul goýup, tüwmaýak galdylar

  • 14.04.2026 23:39
  • 7k+

Google, OpenAI, Anthropic we xAI ýaly tehnologiýa ägirtleriniň döreden emeli aň modelleri Iňlis Premýer-ligasynyň oýunlaryna wirtual pul goýup, uly zyýan çekdiler. Financial Times neşiriniň habar bermegine görä, bu synagy General Reasoning startapy geçirdi.

Synagda sekiz sany iň güýçli EA modeline 2023–2024-nji ýyllaryň möwsüminiň jikme-jik statistikasy berildi. Olaryň maksady, iň ýokary peýdany getirjek goýum strategiýasyny düzmekdi.

Claude Opus 4.6 (Anthropic) iň oňat netijäni görkezen modeldir. Onuň ortaça zyýany 11% boldy.

Gemini 3.1 Pro (Google) başda örän şowly başlap, 34% peýda görkezdi, ýöne möwsümiň ahyrynda ähli puluny ýitirip, tüwmaýak galdy.

Grok 4.20 (xAI) örän çaltlyk bilen ähli pulunyň aňrysyna çykdy. 

Eýsem, emeli aňyň ýeňilmeginiň sebäbi nämeden?

Hünärmenleriň pikiriçe, EA kod ýazmak ýaly birsyhly işlere ökde bolsa-da, ynsan tebigatynyň çylşyrymlylygyny we töwekgelligini öwrenip bilmeýär. Hakykatdan hem, futboldaky oýunçylaryň ruhy ýagdaýy, garaşylmadyk şikesler, eminleriň şahsy kararlary ýaly faktorlar, köplenç diýen ýaly, hesip edeniňi bir başga, nesip edeniňem düýbünden başga çykarýar.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......