Hemra suratlarynyň geliş tizligi birnäçe minuta çenli gysgaldy

  • 10.04.2026 16:10
  • 6.6k+

Hemra operatorlary Ýeriň şekillerini surata alanlaryndan soň birnäçe minutyň içinde ibermäge başladylar. Vantor kompaniýasynyň WorldView Legion hemrasy tarapyndan geçirilen tehnologiýa görkezilişi, iki ýyl mundan ozal adatça 60-90 minut garaşylýan wagt bilen deňeşdirilende, suratlary ulanyjylara bary-ýogy 13 minutda ibermegiň mümkindigini tassyklady.

Şeýlelik bilen, kompaniýalar hökümet we täjirçilik edaralarynyň maglumatlary hakyky wagtda almaga bolan artýan islegine jogap bermäge synanyşýarlar.

Bu tizlige ýetmek üçin BlackSky we Satellogic ýaly kompaniýalar öz infrastrukturasyny: dürli ýerlerdäki ýerüsti stansiýalaryny ulanmakdan başlap, emeli aň ulgamlaryny gönüden-göni hemralaryň bortuna ornaşdyrmaga çenli düýpli täzeden gözden geçirýärler. Mysal üçin, täze NextGen seriýaly hemralar maglumatlary gönüden-göni orbitada işläp, ýerüsti serwerlere mätäçlik bolmazdan, obýektleri we anomaliýalary anyklap bilerler.

Hermralaryň arasyndaky aragatnaşygyň ulanylmagy buýruklary we şekillerden bölekleri derrew diýen ýaly ibermäge mümkinçilik berer, bu bolsa çalt üýtgeýän wakalara gözegçilik edilýärkä tizden-tiz karar kabul etmek üçin örän möhümdir.


düýn 12:36
1.9k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

düýn 11:06
1.2k+

Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik......

düýn 10:34
2k+

18-nji maýda ululygy öý ýaly asteroid Ýeriň golaýyndan uçup geçer

18-nji maýda Ýeriň golaýyndan astronomlar tarapyndan diňe birnäçe gün ozal anyklanan «2026 JH2» asteroidi uçup geçer. NASA-nyň maglumatlaryna görä, bu asman jisimi planetamyza takmynan 90 müň kilometr aralyga......

14.05.2026 20:49
2.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....