Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

  • şu gün 17:48
  • 1.1k+

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär.

Cargo TM — bu ýük iberijiler we sürüjiler üçin bitewi meýdança hökmünde işleýän ykjam goşundydyr. Bu ýerde taraplar biri-birini gönümel tapýarlar. Programma kiçijik bukjadan başlap, halkara gatnawlary üçin niýetlenen uly ýük ulaglaryna (fura) ýa-da konteýnerlere çenli ähli hyzmatlary öz içine alýar.

Platforma Türkmenistanyň çägindäki, şeýle hem Ýewraziýa ýurtlarynyň arasyndaky ýük gatnawlary öz içine alýar.

Ulanyjylara amatly bolmagy üçin goşundydaky hyzmatlar bäş sany esasy bölüme bölünýär. Bu bolsa ýüküň göwrümine we görnüşine görä gözlegi aňsatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär:

  1. Halkara: bu bölümde ýurtlaryň arasynda amala aşyrylýan ýük gatnawlary bilen baglanyşykly ýükler we ulaglar hakdaky bildirişler ýerleşdirilýär;
  2. Türkmenistanyň içinde: bu bölümde ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasyndaky ýük gatnawlary baradaky bildirişler ýerleşdirilýär;
  3. Şäheriň / sebitiň içinde: bu bölümde Aşgabadyň içinde ýa-da haýsydyr bir welaýatyň çägindäki şäher-etraplaryň arasyndaky ýerli ýük gatnawlary baradaky bildirişler ýerleşdirilýär;
  4. Ýolagçy: bu bölümde bir şäherden başga şähere bilelikde ýola çykmagy meýilleşdirýän sürüjileriň we ýolagçylaryň bildirişleri ýerleşdirilýär;
  5. Poçta we posylkalar: bu bölümde bolsa kiçi göwrümli ýükleri (posylkalary), şeýle-de resminamalary bir şäherden başga şähere ýa-da bir ýurtdan başga ýurda ugratmaga ýa-da eltip bermäge isleg bildirýänleriň bildirişleri ýerleşdirilýär (mysal üçin: ugurdaş awtoulagyň sürüjisinden ýa-da uçar ýolagçylaryndan ibermek).

Goşundynyň işleýiş düzgüni örän ýönekeý. Bir ulanyjy ýük ýa-da ulag barada bildirişi taýyn soraglara jogap bermek arkaly dolduryp ýerleşdirýär, beýlekisi bolsa ony filtrler arkaly özüne oňaý bolan ýüki ýa-da awtoulagy tapýar. Gatnawyň jikme-jik şertleri bildirişde görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp, ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hiç hili çylşyrymly, gizlin algoritmler ýa-da artykmaç interfeýs ýok — diňe taraplaryň arasyndaky çalt we oňaýly aragatnaşyk bar.

Cargo TM – gymmatly wagtyň gadryny bilýän hususy şahslar we telekeçiler üçin amatly çözgütdir.

Goşundyny Google Play we App Store marketde ýükläp alyp bilersiňiz.

Instagram: cargo__tm

TikTok: cargo__tm

Tel: +99365607799

Saýt: tm-cargo.com.tm


düýn 15:11
9.2k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.5k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...

12.03.2026 15:52
9.4k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy...

09.03.2026 17:16
7k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder...