Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

  • 12.03.2026 15:52
  • 11k+

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy. Emma Miçio eýýäm şol wagt dünýäniň barha üýtgäp barýandygyna, geljekde durmuş depginini tizleşdirýän ulaglaryň ähmiýetiniň artjagyna göz ýetiripdi.

1950-nji ýyllarda Suzuki özüniň ilkinji Suzulight awtoulagyny çykardy. Şondan bäri brendiň filosofiýasy – durmuş üçin ykjam, ýeňil, örän ygtybarly we tygşytly awtoulaglary döretmek ýörelgesi üýtgewsiz galýar.

Häzirki wagtda Suzuki — islendik ýol şertine çydamly, ulanyşda ýönekeý we adalatly bahasy üçin gadyr goýulýan awtoulaglaryň öndürijisi. Kompaniýanyň awtoulaglary hasam tygşytlylygy bilen tanalýar — olar artykmaç ýag «iýmeýär», gereginden artyk benzin içmeýär. Hut şu aýratynlyklary utgaşdyrmagy bu markany müşderiler üçin iň jaýdar awtoulaga öwürýär.

Aşgabatdaky «Suzuki» dükany Ýaponiýanyň ýokary hilli maşynlaryny iň amatly bahalardan hödürleýär.

Salonda «Suzuki»-niň ähli döwrebap modelleri bar, ol ýerde her kim öz göwnüne we talabyna görä awtoulag tapyp biler:

  • Ygtybarly sedanlar: ykjam we oňaýly Dzire, saldamly Ciaz sedanlary.
  • Şäher hetçbekleri: ykjam Celerio hetçbegi, mikro-krossower S-Presso, ady rowaýata öwrülen Swift we premial hetçbek Baleno.
  • Ähli ýola eýgerýän wnedorožnikler: Fronx kupe-krossoweri, flagman Grand Vitara we ady belli ramaly wnedorožnik Jimny (5 gapyly görnüşi).
  • Maşgala we biznes üçin: giň 7 orunlyk Ertiga miniweni, uniwersal Eeco mikroawtobusy we kiçi telekeçilik üçin tapylgysyz kömekçiler — Carry hem-de Super Carry ýük ulaglary.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon: +99365656533
  • TikTok: @suzukiturkmenistan
  • Instagram: @suzukiturkmenistan
  • Tmcars Biznes: Suzuki Türkmenistan
  • Salgy: Aşgabat ş., Ak tam bazary, Berkararlyk köçesi, 13-nji söwda nokady.

18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......