FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika geldi

  • 02.03.2026 15:19
  • 4.7k+

FIFA-nyň Dünýä çempionatynyň kubogy Meksika gelip ýetdi we indi ýurda syýahat etmäge başlaýar diýip, Meksikanyň Daşary işler ministrligi X sosial ulgamynda habar berdi. Ministr Huan Ramon de la Fuente ýurduň öňde duran sport baýramçylygynda janköýerleriň we gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge doly taýýardygyna ynandyrdy.

Bu gezelenç ýanwar aýynda başlanan FIFA World Cup Trophy Tour turunyň çäklerinde geçýär. Kubok 11 şähere aýlanar: Mehiko şäherinden soň, ol Gwadalahara, Leona, Werakrusa, Çihuahua, Keretara, Monterreýe, Puebla, Çiçen-Isa we Merida eltiler. Syýahat ýene paýtagtda tamamlanar we kubok açylyş oýnundan öň 5-8-nji iýun aralygynda şol ýerde galar.

Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ilkinji gezek oňa 48 topar gatnaşar — bu öňki geçen ýedi ýaryşdakydan 16 topar köp.

Açylyş oýny 11-nji iýunda Mehiko şäherindäki "Asteka" stadionynda geçiriler. Final oýny bolsa 19-njy iýulda ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçiriler.


düýn 22:49
2.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......