«Inter Maýami» MLS-iň iň gymmat kluby boldy

  • 16.02.2026 03:37
  • 5.1k+

«Forbes» amerikan žurnaly MLS klublarynyň gymmatlygy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawyň birinji ornuny bazardaky bahasy 1,35 mlrd dollara ýeten «Inter Maýami» eýeledi.
Klubuň meýdançadan daşary täjirçilik üstünliklerine Lionel Messiniň topara goşulmagy uly täsir etdi. Argentinaly hüjümçiniň gelmegi bilen Floridanyň bu topary petek satuwyny ep-esli artdyrdy, hemaýatkärler sanawyny giňeltdi we täze, girdejili iş ugurlaryny açdy.

Messiniň oýunçylar düzümine gelmegi bilen klubuň girdejileri tas dört esse artdy. Eger 2022-nji ýylda gazanç 56 mln dollar bolan bolsa, geçen möwsümiň jemi boýunça bu görkeziji 200 mln dollara çenli ýokarlandy. Geçen ýyl 38 ýaşly hüjümçi klub bilen şertnamasyny 2028-nji ýyl möwsüminiň ahyryna çenli uzaltdy. Girdejiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna toparyň aprel aýynda açylmagy meýilleşdirilen 25 000 orunlyk täze «Maýami Fridom Park» stadionyna geçmegi hem ýardam eder.
Forbes-iň hasabyna görä, MLS-iň iň gymmat 10 kluby:

  1. «Inter Maýami» — $1,35 mlrd;
  2. «Los-Anjeles» — $1,32 mlrd;
  3. «Los-Anjeles Gelaksi» — $1,08 mlrd;
  4. «Nýu-Ýork Siti» — $1,02 mlrd;
  5. «Atlanta Ýunaýted» — $1 mlrd;
  6. «Sietl Saunders» — $860 mln;
  7. «Ostin» — $855 mln;
  8. «Kolambus Krýu» — $805 mln;
  9. «Sinsinnati» — $800 mln;
  10. «San-Diego» — $795 mln.

 


düýn 22:49
5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.3k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......