«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy

  • 05.01.2026 16:35
  • 8.8k+

«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy.

Tälimçiniň klubuň başynda geçiren iň soňky duşuşygy 4-nji ýanwarda «Lids» bilen bolan oýun (1:1) boldy.
Wagtlaýynça toparyň başyna ozal ýetginjekler topary bilen işlän Darren Fletçer bellendi. Futbolçylar onuň ýolbaşçylygynda 7-nji ýanwarda geçiriljek «Býornlä» garşy oýna çykarlar.
Amorim 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri klubda bolan döwründe 63 oýun geçirip, olarda 25 ýeňiş, 15 deňme-deňlik we 23 ýeňliş görkezdi. Onuň dolandyrmagynda topar Ýewropa ligasynyň finalyna çykmagy başardy, ýöne finalda «Tottenhemden» 0:1 hasabynda asgyn geldiler. Geçen möwsümi «MÝ» milli çempionatda 15-nji orunda tamamlapdy.
The Athletic neşiriniň berýän maglumatyna görä, klub hünärmene 2027-nji ýyla çenli niýetlenen şertnamasynyň galan döwri üçin öwez tölegini tölemeli bolar. Daily Mail-iň anyklamagyna görä, tälimçiniň özüne tölenjek puluň mukdary 12 million funt-sterlinge (13,8 million ýewro) barabar bolar, onuň kömekçiler toparyna bolsa aýratyn töleg berler.
Iňlis çempionatyna gelmezden ozal Amorim Lissabonyň «Sporting» toparyna ýolbaşçylyk edip, Portugaliýanyň çempiony bolupdy.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....