Grenlandiýa deňzinde Arktikanyň iň çuň gaz gidrat ýataklary tapyldy

  • 29.12.2025 00:38
  • 5.5k+

Arktika sebitinde 3640 metr çuňlukda iň çuň gaz gidrat ýataklary ýüze çykaryldy. Bu ýerlerde işjeň metan we çig nebit syzyplary hasaba alyndy, olar bolsa öz gezeginde dinamiki geologik we biologik gurşawy emele getirýärler.

Bu açyş Molloý dag gerşinde ýerleşýän Freýýa gidrat depelerini özboluşly nokada öwürdi. Bu ýerde geologik prosesler seýrek organizmleriň ýaşamagy üçin täsin şertleri döredipdir. Bu barada Tromse şäherindäki Norwegiýa Arktika uniwersitetiniň alymlary Ocean Census Arctic Deep – EXTREME24 ekspedisiýasynyň netijelerine esaslanyp habar berdiler. Gözlegleriň netijeleri Nature Communications žurnalynda çap edildi.
Alymlar kuwwatly gaz sütünleriniň deňiz düýbünden 3300 metrden gowrak belentlige çenli galýandygyny anykladylar. Laboratoriýa seljermeleri metanyň we nebitiň termogen gelip çykyşlydygyny, olaryň miosen eýýamynyň (23,04 million ýyl mundan ozal başlap, 5,333 million ýyl mundan ozal tamamlanan döwür) çökündi dag jynslarynda emele gelendigini görkezdi.
Bu gurluşlaryň töwereginde özboluşly ekoulgam emele gelipdir. Turba şekilli gurçuklar, molýuskalar we leňňeçşekilliler bu ýerde himiki energiýanyň hasabyna ýaşaýarlar. Bu bolsa olaryň jemgyýetlerini gidrotermal çeşmeleriň ýaşaýjylaryna meňzedýär. Hünärmenler uzakdan dolandyrylýan apparatlaryň (ROV) kömegi bilen deňiz düýbüniň relýefiniň yzygiderli üýtgeýändigini anykladylar. Tektonik prosesler we ýylylyk akymlary Freýýa depelerini durnuksyz, hemişe özgerýän ulgama öwürýär; bu ýerde geologik prosesler gönüden-göni ýaşaýyş üçin zerur şertleri kemala getirýär.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....