Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy

  • 19.11.2025 10:12
  • 7.5k+

Braziliýaly futbolçy Neýmaryň kakasy Neýmar da Silwa Santosa degişli bolan NR Sports kompaniýasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy. UOL portalynyň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy 18 mln dollar boldy.

Satyn alyş barada resmi bildirişiň çarşenbede bolmagyna garaşylýar. Şol wagt Peleniň adyny we obrazyny ulanmaga hukuk gazanan täze eýeleriň meýilnamalary hem belli bolar.
Maglumatlara görä, gepleşikler kynçylyksyz geçdi. Ozal hukuk Sport 10 amerikan kompaniýasyna degişlidi we onuň strategiýasy Peleniň hut özüniň çärelere gatnaşmagyna esaslanýardy. Indi bu ugur, ähtimal, üýtgese gerek.
Neşir çeşmesi NR Sports-yň bu brendi Neýmary öňe çykarmak üçin ulanyp biljekdigini belleýär. Häzir 33 ýaşly futbolçy Peleniň karýerasynyň köp bölegi geçen klubda – “Santosda” oýnaýar.
Pele 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 82 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1950-nji ýyllaryň ortalaryndan 1970-nji ýyllaryň ahyryna çenli dowam eden oýun karýerasynyň dowamynda üç gezek dünýä çempiony titulyny gazandy. Pele “Santosyň” düzüminde alty gezek Braziliýanyň çempiony boldy, iki gezek Libertadores kubogyny we Kontinentara kubogy utdy.
Pele uzak wagtlap Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir bolup galdy: 92 oýunda 77 gol. 2023-nji ýylda onuň rekordyny Neýmar täzeledi. Onuň hasabynda milli ýygyndy üçin 128 oýunda 79 gol bar.


düýn 15:42
6.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......