Ford ulaglary ýel goýberen tekerlerini domkratsyz özbaşdak çalşyp biler

  • 20.10.2025 17:40
  • 7.9k+

Ford kompaniýasy ýelini goýberen tekerleri anyklap, olary çalyşmaga kömek etjek ulgam üçin patent almaga arza berdi. 0319733 belgili arza 2024-nji ýylyň ýazynda tabşyryldy, ýöne diňe häzir çap edildi.

Ulgam tekerde basyşyň pese gaçandygyny hasaba alýan sensorlary ulanýar. Mesele ýüze çykarylan ýagdaýynda awtomobil sürüjä duýdurýar we birnäçe iş režimini teklip edýär: asgyjy (podweska) awtomatik galdyrmak bilen “tigiri çalyşmak”, “ýolsuz ýerden ýöremek” – pes basyş bilen sürmek üçin we “hyzmat” – teker hyzmaty üçin.
Ford şeýle çemeleşmäniň howpsuzlygy ýokarlandyryp, pnewmatik asgyjyň elementlerini zeper ýetmekden goramaga kömek edýändigini belleýär. Patent üçin arzanyň berilmegi innowasiýalary goramak we geljekki modeller üçin intellektual ulgamlary ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir.
Tehnologiýanyň 2026-njy ýylyň täze awtomobillerinde peýda bolmagyna garaşylýar. Bu ulaglarda esasy üns hyzmat etmegiň awtomatizirlenmegine we bolup biljek näsazlyklaryň öňüni almaga gönükdiriler.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.6k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....