2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin eýýäm milliondan gowrak petek satyldy

  • 17.10.2025 21:01
  • 8.5k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna eýýäm milliondan gowrak petek satyldy. Bu barada FIFA salgylanyp, NBC News habar berýär.

Uly gyzyklanma bildiren janköýerler, esasan, ABŞ-dan, Kanadadan we Meksikadan boldy – hut bu üç ýurt 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ýaryşy kabul eder. Umuman alanyňda, petekleri 212 döwletden we sebitden futbol janköýerleri satyn aldy. Satuw boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň onlugyna Angliýa, Germaniýa, Braziliýa, Ispaniýa, Kolumbiýa, Argentina we Fransiýa hem girdi.
Şeýle-de, FIFA petekleri gaýtadan satmak üçin resmi saýty işe girizdi. Ist-Rezerfordda (Nýu-Jersi ştaty) geçiriljek final üçin orunlary 9538 dollardan 57 500 dollar aralygynda satyn alyp bolýar.
Demirgazyk Amerikanyň 16 stadionynda geçiriljek jemi 104 oýna 7,1 mln töweregi tomaşaçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Iň arzan – 60 dollardan petekler azyndan 40 oýun üçin hödürlendi, ýöne oýunlaryň köpüsi üçin bahalar has ýokarydy. Mysal üçin, Inglwudda (Kalifroniýa) ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň ilkinji oýny üçin petekler 560 dollardan 2735 dollara ýetýär, gaýtadan satyş saýtynda bolsa bir orun 61 642 dollardan hödürlenýär.
FIFA petekleriň bahasynyň islege görä üýtgäp durjakdygyny belledi. Mundan başga-da, ýaryş başlamazdan öň petekler “janly nobat tertibinde” ýene satuwa çykarylar.


düýn 17:32
4.5k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
7.6k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.5k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

01.06.2026 19:25
6.1k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....