ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy

  • 17.10.2025 20:57
  • 11k+

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2023-nji ýylyň iýunynda “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna çümen wagty ýarylan “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäpleri barada hasabatyny hödürledi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, heläkçilik suwasty gäminiň taslamasyndaky ýalňyşlyklar we enjamyň öňki çümüşlerde alan we OceanGate kompaniýasy tarapyndan bilinmedik zeperleri sebäpli bolup geçdi. Suwasty gäminiň korpusynda “köp sanly kemçilikler bolup, ol berklik we uzak hyzmat etmek talaplaryna laýyk gelmeýärdi”.
Mundan başga-da, kompaniýada inžener-tehnologiki prosesler hem kesgitlenen ülňülere laýyk gelmeýärdi.
Hasabatda “Titanyň” 80-nji gezek suwa çümen wagty zaýalanandygy we şol wagt, ähtimal, korpusyň gatlaklara bölünip başlandygy görkezilýär. Şondan soň batiskafyň ýagdaýy has ýaramazlaşdy, netijede 88-nji gezek suwa çümende partlama bolup geçdi. OceanGate tarapyndan geçirilen gözegçilik ýeterlik bolmandy, şonuň üçin kompaniýa ýeten zeperler barada bihabar bolup, enjamy ulanylyşdan aýyrmady.
Milli geňeş ABŞ-nyň Kenarýaka goragçysyna suwasty enjamlaryň howpsuzlygyny öwrenmek we täze düzgünleri işläp taýýarlamak üçin hünärmenler toparyny döretmegi maslahat berdi.
Öň, awgustda Kenarýaka goragçysy hem öz hasabatyny hödürläp, onda pajygaly wakanyň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmändigi sebäpli ýüze çykandygy baradaky netijä geldi.
OceanGate Expeditions kompaniýasynyň “Titan” suwasty gämisi 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda “Titanigiň” ýanyna düşende ýitdi. Suwa çümenden, takmynan, 1 sagat 45 minutdan soň onuň bilen aragatnaşyk kesildi. Bortda OceanGate kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stokton Raş, işewür Hemiş Harding, Pakistanyň Dawood Hercules Corporation kompaniýasynyň wise-prezidenti Şahzad Dawud we ogly Suleýman, şeýle-de ylmy gözlegçi Pol-Anri Naržole bardy. Hemmesi heläk boldy. Wakadan soň OceanGate öz işini bes etdi.

düýn 14:57
4.6k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....