“Çelsi” bir ýylda düzümiň gymmatlamagy, “MÝ” arzanlamagy boýunça reýtingde birinji orny eýeledi

  • 10.10.2025 17:16
  • 6.7k+

FIFA-nyň hyzmatdaşy bolan Şweýsariýanyň CIES gözleg kompaniýasy ýyllyk reýtingini hödürläp, bir ýylda dünýäniň öňdebaryjy futbol klublarynyň düzümleriniň baha taýdan nähili üýtgändigini görkezdi.

Reýtingde öňdebaryjylar Angliýanyň premýer-ligasynyň klublary boldy: “Çelsi” iň ýokary ösüşi görkezdi. Ýöne iň uly pese gaçyş hem iňlis toparynda – “Mançester Ýunaýtedde” hasaba alyndy.
Seljerme döwri 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabry aralygyny öz içine alýar. Bu döwürde “Çelsiniň” düzüminiň bahasy 364 mln ýewro ýokarlanyp, hatda “Pari Sen-Žermenden” (+303 mln ýewro) öňe geçdi. Soňra sanaw şeýle görnüşde dowam edýär:

  • ·“Aýntraht” (+294 mln ýewro)
  • ·“Barselona” (+242 mln ýewro)
  • ·“Nottingem Forest” (+211 mln ýewro)
  • ·“Brentford” (+191 mln ýewro)
  • ·“Bornmut” (+180 mln ýewro)
  • ·“Nýukasl Ýunaýted” (+165 mln ýewro)
  • ·“Bawariýa” (+152 mln ýewro)
  • ·“Wilýarreal” (+141 mln ýewro).

CIES-e görä, “Çelsiniň” ösüşine, esasan, soňky möwsümleriň transferleri we toparyň sport üstünlikleri ýardam etdi. 2022-nji ýyldan bäri Todd Boeliniň konsorsiumy oýunçylara tas 1,5 mlrd funt maýa goýdy, 2025-nji ýylyň tomsunda bolsa klub Žoao Pedro, Estewao we Alehandro Garnaço ýaly futbolçylary öz düzümine goşdy. Netijede, düzümiň umumy bahasy 1,56 mlrd funt boldy, bu hem “Çelsini” dünýäniň iň gymmat – ilkinji gezek 1,5 mlrd funtdan geçen klubuna öwürdi.

Bu görkeziji boýunça toparlaryň antireýtingi şeýle görnüşde:

  • ·“Mançester Ýunaýted” (–377 mln ýewro)
  • ·“Mançester Siti” (–315 mln ýewro)
  • ·“Real Madrid” (–216 mln ýewro)
  • ·“West Hem” (–184 mln ýewro)
  • ·“Milan” (–147 mln ýewro)
  • ·Lewerkuzeniň “Baýeri” (–146 mln ýewro)
  • ·“Renn” (–121 mln ýewro)
  • ·Dortmundyň “Borussiýasy” (–120 mln ýewro)
  • ·“Wulwerhempton” (–110 mln ýewro)
  • ·“Leýpsig” (–110 mln ýewro)

CIES Angliýanyň premýer-ligasynyň ýedi klubunyň düzümiň bahasy boýunça dünýä reýtinginiň ilkinji 12-ligine girýändigini belleýär, 20 toparyň ählisi bolsa global reýtingiň ilkinji 60 setirinde ýerleşýär.

Düzümiň bahasy boýunça dünýäniň iň gymmat 12 klubunyň sanawyna şular girdi:

  1. “Çelsi” – 1,807 mlrd ýewro
  2. “Real” – 1,684 mlrd ýewro
  3. “Mançester Siti” – 1,485 mlrd ýewro
  4. “Arsenal” – 1,474 mlrd ýewro
  5. “PSŽ” – 1,440 mlrd ýewro
  6. “Liwerpul” – 1,403 mlrd ýewro
  7. “Barselona” – 1,352 mlrd ýewro
  8. “Tottenhem” – 1,047 mlrd ýewro
  9. “Bawariýa” – 934 mln ýewro
  10. “Inter” – 866 mln ýewro
  11. “Braýton” – 830 mln ýewro
  12. “Mançester Ýunaýted” – 820 mln ýewro

düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......