136 million dollar: Kiril Kaprizow “Minnesota” bilen hokkeýiň taryhynda iň uly şertnamany baglaşdy

  • düýn 19:05
  • 1.9k+

Russiýaly hüjümçi Kiril Kaprizow Milli hokkeý ligasynyň (NHL) “Minnesota Waýld” kluby bilen täze şertnama baglaşdy.  Bu şertnama umumy baha we ortaça ýyllyk aýlyk nukdaýnazaryndan professional hokkeýiň taryhynda iň uly ylalaşykdyr diýip,  TSN habar neşiri habar berýär.

Taraplaryň arasyndaky ylalaşyga görä, Kaprizow sekiz ýylyň dowamynda 136 million dollar - her möwsüm üçin 17 million dollar alar.
28 ýaşly hüjümçi özüniň NHL-däki karýerasynyň bütin dowamynda  “Minnesota” üçin oýnady. Bäş möwsümde 319 oýun oýnap, 386 oçko toplady. Kaprizow Demirgazyk Amerika göçmezden ozal, Kontinental hokkeý ligasynda (KHL) Nowokuzneskiniň “Metallurgy”, Ufanyň “Salawat Ýulaýewi” we Moskwanyň “SSKA-sy” üçin alty möwsüm oýnady.
Ozal umumy bahasy boýunça iň uly şertnama Aleksandr Oweçkiniň “Waşington Kepitals” bilen 2008-nji ýylda gol çekişen şertnamasy hasaplanýardy. Şol döwürde rus hüjümçisi 13 ýylyň dowamynda 124 million dollar ýa-da möwsümde 10 million dollara golaý gazanypdy.
Ortaça ýyllyk aýlygy boýunça Kaprizow “Edmonton Oýlers” toparynyň nemes hüjümçisi Leon Draýzaýtldan (ýylda 14 million dollar) öňe geçdi.
NHL-de “aňryçäk aýlyk” düzgüni hereket edýär: bu klubyň ähli oýunçylarynyň ýyllyk aýlygy belli bir mukdardan ýokary bolup bilmez. Liganyň girdejisi artdygyça, bu aňryçäk köpelýär, şonuň bilen birlikde ýyldyz oýunçylaryň şertnamalary hem artýar. Deňeşdirmek üçin, aňryçäk 2008-nji ýylda 56,7 million dollar, häzir bolsa  95,5 million dollar boldy.


26.05.2025 20:49
6.6k+

ABŞ-nyň milli ýygyndysy 65 ýylda ilkinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempionatyny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Şu ýyl ýaryşy Şwesiýa we Daniýa kabul etdi. Stokgolmda geçirilen final oýnunda amerikalylar Şweýsariýanyň toparyny owertaýmda 1:0 hasabynda utdy...

21.04.2025 19:04
2.7k+

Amerikaly zenan hokkeýçiler 11-nji gezek dünýä çempionlary boldy

ABŞ-nyň milli hokkeý ýygyndysy zenanlaryň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Kanadanyň toparyny utdy. Şu ýyl ýaryş Çehiýada geçirildi. Çeske-Budeýowisde geçirilen final duşuşygy dartgynly bolup, owertaýmda amerikan toparynyň peýdasyna 4:3 (0:0, 2:2, 1:1, 1:0) hasabynda tamamlandy...

07.04.2025 13:29
9.3k+

Oweçkin Ueýn Gretskiniň “baky” rekordyny döwüp, MHL-iň iň gowy snaýperi boldy

Russiýaly hokkeýçi Aleksandr Oweçkin yzygiderli MHL çempionatlarynda ähli döwrüň iň gowy snaýperi boldy. “Waşington Kepitalzyň” kapitany “Nýu-Ýork Aýlenders” bilen oýunda 895-nji şaýbasyny geçirip, uzak wagtdan...

11.03.2025 16:50
3.3k+

Türkmen hokkeýçileri Tailandda U18 Dünýä çempionatynda bürünç medallary aldylar

Türkmenistanyň ýetginjekler hokkeý ýygyndysy 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Dünýä çempionatynyň III diwizionynyň “B” toparynda bürünç medal gazandy. Ýaryşlar Bangkog şäherinde (Tailand) alty ýygyndynyň...