Ilaty iň çalt azalýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • şu gün 11:46
  • 5.9k+

Ilatyň köpelmegi adatça gülläp ösüşiň görkezijisi hasaplanýardy, emma häzirki wagtda dünýäde başga bir tendensiýa barha göze ilýär: ilat sanynyň azalmagy, şol sanda has ösen ýurtlarda hem bolup geçýär. Visualcapitalist ilaty iň çalt azalýan ýurtlary görkezýän infografikany taýýarlady.

Bütindünýä bankynyň habaryna görä, 2024-nji ýyla çenli 42 ýurt we sebit eýýäm ilat sanynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Käbirlerinde bu pese gaçyş has hem göze ilýär. Şonuň bilen birlikde, tutuş dünýäniň ilaty ýylda takmynan 1% köpelmegini dowam etdirýär.
Ilatynyň sany azalýan ýurtlaryň aglabasy Gündogar Ýewropada ýerleşýär. Kosowa, Moldowa we Demirgazyk Makedoniýa ilat sany azalýan ýurtlaryň arasynda öňde durýar. Esasy sebäbi emigrasiýa, adamlaryň köpçülikleýin daşary ýurtlara çykyp gitmegi. Gündogar Ýewropa ýurtlary Günbatar Ýewropa bilen deňeşdirilende aýlyk aratapawudy sebäpli onlarça ýyl bäri ýokary migrasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we ÝB birleşmegi işçileriň ondan-oňa kanuny geçişini ýeňilleşdirdi.
Ilatyň azalmagy Germaniýa, Ýaponiýa, Hytaý we Italiýa ýaly iri ykdysadyýetli ýurtlarda-da bolup geçýär. Bularda ilatyň azalyş derejesi heniz pes bolsa-da, bu ýurtlaryň ölçegi demografiki üýtgemäni dünýä derejesinde möhüm edýär.
Hökümetler dogluşyň derejesini ýokarlandyrmak üçin degerli çäreleri görýärler. Mysal üçin, Ýaponiýa çagalaryň abadançylygy we mekdebe çenli bilimiň elýeterliligi üçin jogapkär Çagalaryň we maşgalalaryň işi boýunça gullugy döretdi. Hytaý üç ýaşa çenli her bir çaga üçin her ýyl 3600 ýuan möçberinde (takmynan 505 ABŞ dollary) milli subsidiýa girizdi.

şu gün 17:55
546

ABŞ-da hökümet işini bölekleýin togtatdy: täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bolmady

ABŞ-nyň Kongresi 1-nji oktýabrda başlan täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bilmedi. Hökümet işini bölekleýin togtatdy diýip, NBC News habar berýär. Kongresiň iki palatasyna-da respublikanlar gözegçilik edýär...

şu gün 17:51
753

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy...

şu gün 11:25
2k+

Arkadag Medisina Klasteriniň önümleri WorldFood Moscow 2025 sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medal aldy

Arkadag şäheriniň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri "WorldFood Moscow 2025" iýmit önümleri halkara sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy...

şu gün 11:05
758

Raşid Meredow ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşdy

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň...