Guşlar üçin serhet ýok. Halkara Audubon Photography Awards  bäsleşiginiň netijeleri

  • 24.09.2025 12:00
  • 7.3k+

Her ýyl geçirilýän Audubon Photography Awards-iň emin agzalary 16-njy gezek guşlaryň gözelligine bagyşlanan bäsleşigiň netijelerini yglan etdiler.

Bu ýyl eminler ilkinji gezek çilili we kolumbiýaly gatnaşyjylara dokuz, ABŞ-ly we kanadaly suratçylara sekiz baýrak gowşurdy. Şeýle hem, migrasiýa ugurlary halkara serhetlerinden geçýän guşlary belleýän “Serhetsiz guşlar” atly täze baýrak hödürlendi.
Kategoriýa boýunça ýeňijiler:

Jübtün. Gran-Pri, Çili we Kolumbiýa / © Felipe Esteban Toledo Alarkon (Felipe Esteban Toledo Alarcon)

Ajaýyp fregatlar . Gran-Pri, ABŞ we Kanada / © Liron Gertsman (Liron Gertsman)

Sawanna syçançysy. “Guşlary goramak” baýragynyň ýeňijisi, Çili we Kolumbiýa / © Luis Alberto Penýa (Luis Alberto Peña)

Demirgazyk oluşlary. “Guşlar we peýzaž” baýragynyň ýeňijisi, ABŞ we Kanada / © Jo Subolefski (Joe Subolefsky)

Çili gyzylinjigi. “Guşlar we peýzaž” baýragynyň ýeňijisi, Çili we Kolumbiýa / © Karo Arawena Kosta (Caro Aravena Costa)

Hargulak baýguş. “Ýaş suratçysy” baýragynyň ýeňijisi, ABŞ we Kanada / © Parham Purahmad (Parham Pourahmad)

Arçaly tokaýyň saýrak guşy. “Ýaş suratçysy” baýragynyň ýeňijisi, Çili we Kolumbiýa / © Kamilo Sanabriýa Grahales (Camilo Sanabria Grajales)

Ak gazlar. “Serhetsiz guşlar” baýragynyň ýeňijisi, ABŞ we Kanada / © Ýosiki Nakamura (Yoshiki Nakamura)

Şa leňňeçjikleri. “Serhetsiz guşlar” baýragynyň eýesi, Çili we Kolumbiýa / © Ýakobo Hiraldo Trežos (Jacobo Giraldo Trejos)

Çuluk alahekek. “Kenarýaka guşlary” baýragynyň ýeňijisi, Çili we Kolumbiýa / © Fransisko Kastro Eskobar (Francisco Castro Escobar)

Baýguş. “Guşlary goramak” baýragynyň ýeňijisi, ABŞ we Kanada / © Žan Hol (Jean Hall)

Baklan Brandta. “Guşlar we ösümlikler” baýragynyň ýeňijisi, ABŞ we Kanada / © Barbara Swonson (Barbara Swanson)

Goýy gyrmyzy gysgaçüňk  kolibri . “Guşlar we ösümlikler” baýragynyň ýeňijisi, Çili we Kolumbiýa / © Kristian Walensiýa (Cristian Valencia)

Adaty dag serçesi. “Ene guş” baýragynyň ýeňijisi, ABŞ we Kanada / © Şon Pýorsli (Sean Pursley)

Bu işler guşlar dünýäsiniň niçiksi ajaýypdygyny ýene bir gezek ýatladýar we tebigy gurşawda olaryň gözelligini suratlandyrmaga çalyşýan suratçylaryň zehinini we hyjuwyny görkezýär.  


12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......