“Benfikadan” utulandan soň boşadylan Mourinýu “Benfika” tälimçi bellendi

  • 19.09.2025 14:30
  • 6.2k+

Žoze Mourinýu tälimçi karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp geldi. 18-nji sentýabrda Lissabonyň “Benfikasy” 62 ýaşly portugaliýaly hünärmeniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi.

Şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär, ýöne indiki tomus taraplar hyzmatdaşlygy möhletinden ir bes edip biler.
Mourinýu täze wezipede Çempionlar ligasyna şowsuz başlandan soň – topar Azerbaýjanyň “Karabahyndan” utulandan soň işden çykarylan watandaşy Brunu Laženi çalşar.
Belläp geçsek, 2000-nji ýylda hut “Benfikada” ol özbaşdak tälimçi karýerasyna gadam basypdy. Şol wagt Žoze bary-ýogy üç aý işledi, ýöne iki ýyldan öz mümkinçiliklerini görkezip, “Portuny” Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi.
Mourinýunyň soňky kluby Türkiýäniň “Fenerbahçesi” bolupdy, ony awgustyň ahyrynda Çempionlar ligasynyň saýlama oýnundaky utulyşdan soň terk etdi. Gyzykly ýeri, hut “Benfika” Stambul toparyna Ýewropanyň esasy ýaryşyna gatnaşmaga ýol bermändi. “Fenerbahçeniň” prezidenti Ali Koç eýýäm portugaliýaly hünärmeni Lissabon kluby bilen öňünden dilleşmeginde, şol sebäpli kowlandan soň derrew iş tapmagynda aýyplady. Hünärmen bu aýyplamalara özüniň “klubdan gidenden soň hemişe sahypany agdarýandygyny” we hiç wagt hiç kimi aldamandygyny aýdyp jogap berdi.
Karýerasynyň dowamynda Mourinýu “Leýriýa”, “Portu”, Londondan “Çelsi” we “Tottenhem”, Milanyň “Interi”, Madridiň “Realy”, “Mançester Ýunaýted” we Rimden “Roma” ýaly klublara-da ýolbaşçylyk etdi. Ol iki gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, üç gezek Angliýanyň çempiony, Italiýanyň we Portugaliýanyň çempiony (iki gezekden), Ispaniýanyň çempiony, Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi, UEFA-nyň Kubogynyň eýesidir.


düýn 23:07
2.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.8k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....