Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

  • 01.09.2025 17:08
  • 10k+

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy.

“Inter Maýami” ozal ýaryşyň ýeňijisi bolupdy. Ligalaryň kubogy toparyň 2023-nji ýylda Messi geçeninden birnäçe aýdan soň gazanan ýeke-täk kubogy bolup galýar.
Mundan öň 38 ýaşly hüjümçi yzygider ýedi finalda ýeňiş gazandy. Soňky gezek ol aýgytly oýunda 2021-nji ýylda “Barselonanyň” düzüminde utulypdy. Şonda kataloniýalylar Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda Bilbaonyň “Atletiginden” 2:3 hasabynda utuldy.
Messi taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçydyr. Onuň hasabynda 48 kubok bolup, olaryň arasynda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen gazanylan ýeňiş we Çempionlar ligasynda dört ýeňiş bar. Şeýle-de, Messi sekiz gezek “Altyn topuň” eýesi boldy, bu bolsa absolýut rekorddyr.  


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....