NTW we “Soýuzmultfilm” "Dur bakaly!" multfilmini doly metražly kinofilme öwrer

  • 21.06.2025 18:20
  • 6.1k+

“Dur bakaly!” atly meşhur sowet multserialynyň esasynda doly metražly çeper film dörediler diýip, TASS habar berýär.

Filmiň üstünde işlemek baradaky hyzmatdaşlyk şertnamasy Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) "NTW" teleýaýlymynyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýn bilen "Soýuzmultfilm" direktorlar geňeşiniň başlygy Ýuliana Slaşşewanyň arasynda baglaşyldy.
"'Dur bakaly!” diňe bir nesiller tarapyndan söýülýän multfilm bolman, hakyky medeni mirasdyr. Bu medeni eseriň esasynda surata düşüriljek çeper film, gürrüňsiz, sowet multfilmlerini täzeden goýbermek däbiniň dowamy,  gahrymanlaryň täze taraplaryny açjak multfilmler äleminiň bir bölegi bolar" – diýip, Waýnşteýn belledi.
Film öň “Gaýyn ene”, “Giýew” we “Eliňi galdyr! filmlerini surata düşüren “Temp” kinokompaniýasy tarapyndan öndüriler. Ilkinji görkezilişi 2028-nji ýylda bolar diýlip garaşylýar.
"Dur bakaly!" multfilminiň birinji bölümi 1969-njy ýylda "Şadyýan çarh" multfilm almanahynyň çäklerinde çykypdy. 1969-1986-njy ýyllar aralygynda 16 bölümi, soň 1993- 2006-njy ýyllarda ýene dört bölümi çykypdy.
2022-nji ýylda “Soýuzmultfilmiň” gatnaşmagynda “Çeburaşka” atly doly metražly film çykdy. Film, tankytçylaryň dürlüçe syn berendiklerine garamazdan, Russiýa üçin rekord kassa ýygymyny toplady. Onuň dowamynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykmagyna garaşylýar.


düýn 14:47
2.6k+

“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy 2026-njy ýylda çykar. Ol tomsuň ahyrynda düşürilip başlanar

Oskar baýragyny alan “Godzilla: Minus bir” ýapon blokbasteriniň dowamy 30-njy awgustda düşürilip başlanar. Bu barada Consequence of Sound neşiri habar berýär. Filmiň prokata çykmagy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

düýn 14:42
3.4k+

“Supermen” we “Formula-1” $500 mln ýygnady, “Ýura eýýamynyň dünýäsi” milliarda kowalaşýar

Geçen dynç günleri Golliwudyň iki filmi dünýä prokatynda 500 mln dollardan geçdi. Variety neşiriniň habar bermegine görä, iýulyň başynda kinoteatrlarda görkezilip başlanan Jeýms Gannyň “Supermen” filmi ABŞ-da 289,5 mln dollar ýygnady...

29.07.2025 19:04
5.8k+

“Koýot vs. Akme” animasion-oýun filminiň çykjak senesi belli boldy

“Koýot vs. Akme” (Койот против „Акме“) filmi 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda ABŞ-da prokata çykar. Bu barada Comic Con konwentinde taslamanyň tanyşdyrylyşyndan soň yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Reliziň senesi ilkinji resmi posterde hem görkezildi, onda koýotyň silueti bilen ýerdäki jaýryk şekillendirilýär...

29.07.2025 11:32
3k+

OpenAI baradaky täze filmde Ilon Maskyň keşbini kimiň ýerine ýetirjekdigi belli boldy

“Kinostudiýa” serialyndaky keşbi bilen tanalýan aktýor Aýk Barinhols “Emeli” (Artificial) filminde telekeçi we dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi...