Kewin de Brýoýne resmi taýdan “Napoliniň” oýunçysy boldy

  • 13.06.2025 17:42
  • 9.3k+

Belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýne “Napoliniň” oýunçysy boldy. Bu barada italýan klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

“Şa Kew şu ýerde” – diýlip, “Napoliniň” X sosial ulgamyndaky (ozal Twitter) habarynda aýdylýar.

De Brýoýne hem “Napoli” klubuna geçmegine sosial ulgamlarda “Men bärde” diýip ýazmak bilen teswir berdi. Ol posta janköýerleriň we žurnalistleriň nädip garşy alandygynyň suratlaryny goşdy.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, 33 ýaşly hawbek bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyllyk baglaşyldy. Oýunçynyň ýyllyk zähmet haky 5 mln ýewro barabar.
Aprel aýynda de Brýoýne “Mançester Sitiden” gidýändigini habar berdi, ol bu klubda 2015-nji ýyldan bäri çykyş etdi. Ol toparyň düzüminde geçen dokuz möwsümde alty gezek Angliýanyň çempionatyny utdy, Çempionlar ligasynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi, iki gezek Angliýanyň Kubogynyň, bäş gezek Iňlis ligasynyň kubogynyň, üç gezek Angliýanyň Superkubogynyň eýesi boldy.
Belgiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde de Brýoýne 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi boldy.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 20 mln ýewro barabar.


şu gün 15:58
6.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......