Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy

  • 25.05.2025 10:31
  • 2.4k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Ženewada geçirilen ATP ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşda ikinji belgi bilen ýerleşdirilen 38 ýaşly türgen finalda dünýäniň 31-nji raketkasy, polşaly Hubert Hurkaçy 5:7, 7:6 (7:2), 7:6 (7:2) hasabynda utdy.
Şeýlelikde, Jokowiç karýerasynda ýekelikde 100-nji ATP titulyny gazandy. ATP Tour-da (1990-njy ýyldan bäri) bu görkeziji boýunça rekord şweýsariýaly Rojer Federere, Açyk döwürde (1968-nji ýyldan bäri) amerikaly Jimmi Konnorsa (109) degişlidir.
Häzirki wagtda Jokowiç dünýä reýtinginde altynjy orny eýeleýär. Ol karýerasynda 143-nji we şu ýylyň dowamynda ikinji finalynda oýnady. Mart aýynda serbiýaly türgen Maýamide geçirilen “Masters” ýaryşynyň finalynda çehiýaly Ýakub Menşikden utuldy.
Ženewadaky ýaryşyň ýeňijisi 90,675 müň ýewro pul baýragyny we 250 reýting utugyny, finalçy 52,89 müň ýewro we 165 utuk alar.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....