Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy

  • 21.05.2025 15:19
  • 3.8k+

1016industries awtobezeg ussahanasy döwrebaplaşdyrylan, karbon obwesli, peseldilen podweskaly, altyndan tekerli Lamborghini Aventador S-i hödürledi. Sazlaýjylar onuň kuwwatyny we sport stilini saklap galdylar.

Sport ulagyna täze kapot, uly splitter, gapdal elementler we yzky antiganat ýaly karbon aerodinamiki obwes berildi. Täzelenen dizaýn ulagy has haýbatly etdi, ýöne Lamborghini-iň firma stilini saklap galdy.
Awtoulagyň boýy gysgaldylan puržinlaryň hasabyna peseldi, bu bolsa oňa ýaryş bolidiniň keşbini berdi. Altyn reňkli Y-görnüşli tigirler ak kuzow bilen kontrast döredip, onuň sport keşbini güýçlendirýär.
Aventador S 730 at güýjüni öndürýän we 690 Nm torkly 6,5 litrlik V12 hereketlendirijisi bilen işleýär. 2,9 sekuntda 100 km / sag tzilige çykýar we iň ýokary tizligi bolsa sagatda 350 km-e ýetýär. Motor 7 tizlikli ISR korobkasy we ähli tigirleri hereketli ulgam bilen işleýär.


11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...