Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi

  • 30.04.2025 13:15
  • 3.9k+

Italiýanyň meşhur Lamborghini awtokonserni täze gibrid superkary bolan «Temerario-ny» resmi taýdan hödürledi. Tas 1000 at güýjüni öndürýän täze model, bir wagtlar meşhur bolan «Huracan-yň» ornuny tutar. Täze sportkar eýýäm şu ýyldan başlap ýollarda görnüp başlar.

«Temerario» 920 at güýjüni öndürýän dört litr göwrümli, iki turbinaly V8 benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de onuň üç sany elektrohereketlendirijisi bar we olaryň umumy torky 800 Nm-e ýetýär. «Temerario» 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,7 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 343 km/sag.
Şeýle hem «Temerario» 3,8 kWt-sagatlyk litiý-ion batareýa bilen işleýän gibrid transmissiýa bilen üpjün edilendir. Sportkaryň aerodinamikasy «Formula-1» ýaryşlarynyň talaplaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Aýlawly howa akym generatorlary, altyburç görnüşli howa kanallary we sazlap bolýan yzky ganady «Huracan Evo» bilen deňeşdirilende, 158% artykmaç basyş güýjüni üpjün edýär.

«Temerario-nyň» salonynda üç sany sanly displeý ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda 12,3 dýuýmlyk sanly ölçeg paneli we 8 dýuýmlyk sensorly ekran bar. Üns berilmeli aýratynlyklaryň ýene biri hem, awtoulagyň şassisini dolandyrmak üçin, bäş dürli sürüş tertibini öz içine alýan ulgamydyr. Şolaryň arasynda diňe elektrik energiýasy bilen işleýän Citta we dolandyrylýan driftler üçin niýetlenen Corsa Plus görnüşleri hem bar.
«Temerario-nyň» başlangyç bahasynyň, takmynan, 400 müň dollar bolmagyna garaşylýar. Ilkinji ibermeler 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.


16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...