Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi

  • 30.04.2025 13:09
  • 4.3k+

Şotlandiýanyň Csignum startapynyň inženerler topary dykyz suwdan, buzdan we hatda beton gurluşlardan aňsatlyk bilen geçip bilýän öwrülişikli aragatnaşyk ulgamyny döretdi. Olaryň işläp taýýarlan EM-2 önümi suw bilen howanyň araçägini bökdençsiz geçmek üçin ( häzirki bar tehnologiýalar üçin kyn mesele) pes ýygylykly elektromagnit meýdanlaryny ulanýar.

Aslynda, inženerler ozal gymmat kabel ulgamlarynyň ýa-da ygtybarsyz akustiki modemleriň zerur bolup duran ýerlerinde maglumatlary “çekip almagyň” usulyny tapdylar.
Göz öňüne getiriň, küti ýassygyň içinden sesiňizi geçirip gygyrmaga synanyşýaňyz - adaty akustiki ulgamlar suwuň astynda şeýleräk işleýär – diýip, CSignum-yň tehniki direktory düşündirýär.
Ulgam 400 bit / s-a çenli tizlikde we 100 metre çenli aralykdan maglumat geçirilende durnukly işleýändigini görkezýär. Mundan başga-da, ol häzirki wagtda doly ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmek bilen, akustiki şlýuzlary ulanyp, enjamlaryň arasyndaky aralygy 2 kilometre çenli artdyrmaga ukyply.
Şeýle täjirçilik ulgamlary Beýik Britaniýada derýanyň suwunyň hiline gözegçilik etmek üçin eýýäm oturdyldy. Kompaniýanyň ýakyn wagt üçin niýetlenen meýilnamalaryna gämileriň suwasty bölekleriniň, deňizdäki ýel elektrik stansiýalarynyň we möhüm suwasty infrastrukturanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin taslamalary işläp düzmek girýär.
CSignum halkara gatnaşygyny giňeltmek we ulgamyň täze wersiýalaryny işläp taýýarlamak üçin 8 million dollar maýa goýum toplady. Bazar bilermenleri şeýle tehnologiýanyň döremeginiň deňiz gämileriniň ýagdaýyna gözegçiligi düýpli gowulandyrjakdygyny we suwasty kabellere hyzmat etmekde peýdaly boljakdygyny bellediler.
CSignum häzirki wagtda ylmy gözleglerden başlap goranyş pudagyna çenli dürli pudaklarda tehnologiýasyny ornaşdyrmak üçin işjeň ýagdaýda hyzmatdaş gözleýär. Maýa goýujylaryň gyzyklanmasyndan çen tutsaň, başlangyjyň suwasty aragatnaşyk pudagynda täze dünýä lideri bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar.


şu gün 19:44
451

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.6k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

10.05.2026 11:51
8k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......