Mansory 900 at güýçli üýtgeşik Lamborghini Urus kupesini hödürledi

  • 04.04.2025 16:33
  • 4.6k+

Mansory Lamborghini Urus-yň binýadynda özboluşly Venatus Coupe EVO C kupesini hödürledi.

900 at güýçli iki gapyly wersiýa çäkli mukdarda - bary-ýogy 8 sanysy öndürildi.
Ulag tutuk gara reňke boýaldy. Model süýlüp ýasalan karbon elementlerini we haýbatly obwesi aldy. Dizaýnda iki sany yzky ganat, äpet diffuzor, dilikli kapot, giň ganatlar we gyzyl supportaly 23 dýuýmlyk gara tigirler tapawutlanýar.
Içki bezegi barada hiç zat aýdylmady, ýöne sekiz awtoulagyň hersiniň aýratyn yzky oturgyçlar we üýtgeşik bezeg ýaly, aýratyn dizaýny aljakdygy mälim.
Kapotyň aşagynda 900 at güýji bolan hereketlendirijisi we 1100 Nm torky bar. 100 km / sag tizlige 3 sekuntdanam az wagtda çykýar, iň ýokary tizligi sagatda 323 km.
Mansory Urus Coupe dünýäde iň kuwwatly we seýrek týuning-krossowerlerden biridir, ol özünde ekstremal stili we superkaryň häsiýetnamasyny utgaşdyrýar.


16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...