Braziliýa Argentinadan utulandan soň tälimçisini wezipeden aýyrdy

  • 29.03.2025 13:39
  • 11k+

Braziliýanyň futbol konfederasiýasy (CBF) milli ýygyndynyň baş tälimçisi Doriwal Žunioryň wezipeden aýrylandygyny habar berdi. Bu çözgüt topar DÇ-2026-nyň saýlama ýaryşynda Argentinadan utulandan soň (1:4) kabul edildi.

“Tälimçi Doriwal Žunior indi Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmeýär. Federasiýanyň ýolbaşçylygy hünärmene minnetdarlyk bildirýär we oňa geljekki karýerasynda üstünlikleri arzuw edýär. Indi CBF onuň ornuny eýelejek hünärmeni gözlemegiň üstünde işlär” – diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar.

62 ýaşly Doriwal Žunior 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda toparyň tälimçisi boldy. Onuň şertnamasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli niýetlenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda milli ýygyndy 16 oýna gatnaşdy: ýedi ýeňiş, alty deňme-deňlik, üç ýeňliş. DÇ-2026 üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynda Braziliýa dördünji orny eýeleýär.
Öň Žunior Braziliýanyň dürli klublaryna tälimçilik etdi. Ol 2022-nji ýylda “Flamengony” Libertadores kubogynda ýeňşe getirdi.
Insaýder Nikolo Skiranyň maglumatlaryna görä, milli ýygyndynyň täze tälimçisi häzir “Al-Hilýal” saud klubunda işleýän 70 ýaşly portugaliýaly Žorže Žezuş bolup biler. Onuň bilen eýýäm gepleşikler alnyp barylýar.
Žezuş kluba 2023-nji ýylda ýolbaşçy boldy, onuň şertnamasynyň möhleti tomusda gutarýar. Häzir “Al-Hilýal” Saud Arabystanynyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär. 


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......