«Liwerpulyň» goragçysy Aleksander-Arnold Madridiň «Realyna» geçer

  • 26.03.2025 13:37
  • 8.3k+

Iňlis goragçysy Trent Aleksander-Arnold erkin agent hökmünde Madridiň “Realyna” geçer. Sky Switzerland neşiriniň maglumatyna görä, futbolçy “patyşalyk kluby” bilen bäş ýyllyk şertnamany ylalaşdy.

Täze klubunda Aleksander-Arnold möwsümde 15 million ýewro we netijeliligi üçin goşmaça bonuslar alar. Mundan başga-da, transferiň möçberine barabarlykda gol çekişilenligi üçin bonus göz öňünde tutulýar. Şertnama 1-nji iýuldan güýje girer.
Çeşmäniň habaryna görä, 26 ýaşly goragçy häzirki wagtda “Liwerpulda” ýylda 11 mln ýewro gazanýar. Aleksander-Arnold karýerasynyň dowamynda “Liwerpulda” çykyş edip gelýär. Bu toparyň düzüminde 349 duşuşyga çykdy.
Ol Çempionlar ligasyny, Angliýanyň Premýer-ligasyny, Angliýanyň Kubogyny, Angliýanyň we UEFA-nyň Superkuboklaryny, şeýle hem Klublaýyn dünýä çempionatyny bir gezek utdy. Şeýle-de, iki gezek Angliýanyň Liga Kubogynyň ýeňijisi boldy.


düýn 19:10
5.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....