Lamborghini Revuelto 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,2 sekuntda ýetýär

  • 25.03.2025 10:38
  • 3.7k+

Lamborghini özüniň ýol ulaglarynyň arasyndaky täze tizlik rekordyny goýdy. Täze gibrid model – «Revuelto» bary-ýogy 2,2 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmegi başardy. Şeýle hem çärýek mil aralygy (402 metr) 9,41 sekuntda geçdi. Synaglar ABŞ-nyň Florida ştatyndaky «Bradenton Motorsports Park» ýaryş meýdançasynda geçirildi. Onuň netijeleri «Revuelto» modeliniň tizleniş taýdan giperkarlar bilen bäsleşip bilýändigini görkezdi diýip, «autoevolution» neşiri habar berýär.

«Revuelto» modeliniň güýç ulgamy 6,5 litrlik atmosferiki V12 benzinli hereketlendirijini we üç sany elektromotory öz içine alýar. Ulagyň umumy kuwwaty 1001 at güýjüne ýetýär. Tizlik 8 basgançakly robotlaşdyrylan transmissiýa arkaly geçirilýär. Doly herekete getiriji we ýörite «Launch Control» ulgamlary bolsa, ulagyň durnukly ýagdaýda iň ýokary tizlenme bilen herekete gelmegini üpjün edýär.
Bu model hatda iň ýönekeý görnüşinde-de çärýek mili 9,5 sekuntdan az wagtda geçýär. Titandan ýasalan gaz çykaryjy (wyhlop ulgamy) bilen enjamlaşdyrylan ýörite modifikasiýaly görnüşi bolsa, bu netijäni 9,41 sekunda çenli gowulandyrdy. Ujypsyz gijikme bilen ulagyň titan ulgamly görnüşi Sant-Agatanyň klassyky «öküzleriniň» kuwwatly sesini berip, güýçli duýgulary döredýär.
«Revuelto» ýol ulaglarynyň arasynda DragTimes reýtinginiň täze lideri boldy. Ol «Ferrari SF90», «Porsche Taycan Turbo S» we «Tesla Model S Plaid» ýaly güýçli garşydaşlaryny yzda galdyrdy. Bahasy 600 müň dollardan başlaýan model täze nesil superkarlaryň statusyny tassyklaýar: ol ýabany güýjüň, tizligiň we geljegiň tehnologiýalarynyň bir kuzowda jemlenen görnüşi bolup durýar.


16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...