2030-njy ýyla çenli konsol oýunlary meşhurlygy boýunça kompýuter oýunlaryndan öňe geçer, ýöne öňdebaryjylygy şonda-da mobil oýunlar saklar. Şeýle çaklamalar bilen InfotechLead saýtynyň analitikleri paýlaşdy.
Onýyllygyň ahyryna çenli konsol oýun bazary 52 mlrd dollardan 79 mlrd dollara çenli ösüp, PK-ny yzda galdyryp biler.
“Sony, Microsoft we Nintendo ýaly iri oýunçylar emeli aň, krossplatforma oýunlary we gibrid gurluşlar ýaly tehnologiýa üstünlikleriniň netijesinde konsol oýun bazaryny giňeltmegi işjeň dowam etdirýär” – diýip, neşir belleýär.
GlobalData-nyň uly analitigi Rupantar Guhanyň pikiriçe, konsol oýunlaryny ösdürmekde grafikany we howpsuzlygy kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän emeli aň esasy güýje öwrüler.
Technavio hasabatynda geýmingde EA bazarynyň 2029-njy ýyla çenli 27,47 mlrd dollara we 2032-nji ýyla çenli 154,3 mlrd dollara ýetjekdigi aýdylýar.
Eýýäm häzir personal kompýuterler üçin oýunlaryň satuwy pese gaçýar, konsol oýunlarynyňky bolsa, tersine, yzygiderli ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa, mobil oýunlar henizem öňdebaryjylygy saklaýar, olaryň satuwyndan girdeji 2030-njy ýyla çenli 200 mlrd dollara ýetip biler.