“Borussiýa” 1994/95 möwsümini ýatladýan eşik toplumyny çykardy

  • 07.03.2025 22:50
  • 3.4k+

Dortmundyň “Borussiýasy” täze eşik toplumyny hödürledi. Puma-dan bu toplum şu gün satuwa çykdy we Bundesliganyň çäklerinde geçiriljek golaýdaky oýunda ulanylar diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Şenbe güni, “Augsburga” garşy öý oýnunda “Borussiýanyň” oýunçylary 1994/95-nji ýylyň rowaýaty eşik toplumyndan ylham alan neon köýnekçelerinde meýdança çykar. Şonda topar 32 ýylda ilkinji gezek Germaniýanyň çempionatynyň ýeňijisi bolupdy.

 “Şu ýyl biz 30 ýyl mundan ozalky ýatdan çykmajak, şatlykdan we begençden doly möwsümi ýatlaýarys. 90-njy ýyllaryň “Borussiýasy” düýbünden üýtgeşik ruhy özünde jemleýär. Meýdançada esasy zat güýçli bolmak, mümkinçiliklerden peýdalanmak we öz arzuwyňa ynanmagy bes etmezlikdir. Neon reňkli köýnekçeler ýiti, ünsi özüne çekiji we özboluşlydy. Bu ýörite köýnekçeleriň üsti bilen biz bu ruhy täzeden dikeltmek we adamlary öz ýoly bilen gitmäge – batyrgaý, haýbatly bolmaga oýarmak isleýäris” – diýlip, klubuň saýtynda aýdylýar.

Habarda eşik toplumynyň “Tapawutlanmaga het etmek” şygary bilen döredilendigi bellenilýär. 



düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....