Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-iň çykdajylary tas 7 mlrd dollara ýeter

  • 07.03.2025 17:29
  • 3.6k+

2028-nji ýylda Los-Anjelesde Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin garaşylýan çykdajylar 6,82 mlrd dollara ýetýär. Maliýeleşdirmäniň esasy bölegi hususy hemaýatkärlerden we Halkara Olimpiýa komitetinden gelmeli.

Oýunlaryň guramaçylyk komitetinde 250 adam zähmet çekýär, ýylyň ahyryna çenli olaryň sany iki esse artar. Hususy hemaýatkärleriň býujete 2,5 mlrd dollar goşant goşmagyna garaşylýar, ýöne olaryň köpüsi häzirlikçe şeýle goldawy bermäge taýýar däl. Maliýeleşdirmäni işjeňleşdirmek üçin ýörite maslahat hem geçirilip, gatnaşyjylara “ýa-ha häzir töläň, ýa-da hiç haçan” diýlip aç-açan aýdyldy.
Mundan başga-da, esasy girdeji çeşmesi ýaýlymlar we petek satuwy bolar, ýöne arzan orun wada berilmeýär. Los-Anjelesiň häkimiýetleri bu çärä kömek edip bilmese gerek, çünki ýakynda şäher güýçli ýangyndan zyýan çekipdi. Weýrançylyklar sebäpli hatda bu sebitde Oýunlary geçirmegiň maksadalaýyklygyna-da şübhe döredi. Ýöne bu eýýäm geçmişde.


06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......