Dünýäniň iň gymmat 100 sport klubunyň arasynda bary-ýogy 10 sany futbol topary bar

  • 04.03.2025 08:02
  • 6.2k+

Sportico neşiri dünýäniň iň gymmat 100 sport klubunyň sanawyny çap etdi.

Täsin tarapy, bu sanawa futbol dünýäsi boýunça bary-ýogy 10 topar girdi. Olaryň içinde bolsa iň ýokary derejä «Mançester Ýunaýted» çykdy, klubuň bahasy 6,2 mlrd dollar diýlip kesgitlenildi. Emma bu mukdar hem iňlis toparyna, umumy sanawda diňe 17-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Futbol klublarynyň arasynda ikinji orny Madridiň «Realy» (6,06 mlrd dollar) eýeledi. Ondan soňky orunlarda bolsa «Barselona» (5,28 mlrd dollar), «Liwerpul» (5,11 mlrd dollar), «Bawariýa» (4,8 mlrd dollar), «Mançester Siti» (4,75 mlrd dollar), «Pari Sen-Žermen» (4,05 mlrd dollar), «Arsenal» (3,91 mlrd dollar), «Tottenhem» (3,49 mlrd dollar) we «Çelsi» (3,47 mlrd dollar) ýerleşdi.
Sanawa giren 10 futbol klubunyň 6-sy Angliýanyň premýer-ligasynda, 2-si bolsa Ispaniýanyň La Ligasynda çykyş edýär. Şeýle-de Germaniýanyň Bundesligasynyň we Fransiýanyň Liga 1-niň hersinden bir topar sanawa giripdir.

Umumy sanawda birinji orny, ABŞ-nyň Milli futbol ligasynda (NFL) çykyş edýän «Dallas Kowboýz» kluby eýeledi. Ol 10 mlrd dollarlyk çäkden geçen ýeke-täk klub boldy.
Ikinji orny 9,14 mlrd dollarlyk gymmaty bilen, ABŞ-nyň Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) wekili «Golden Steýt Uorriorz» eýeledi. Üçünji orunda bolsa, NBA-nyň ýene bir kluby – «Nýu-Ýork Niks» ýerleşdi, onuň gymmaty 8,3 mlrd dollar diýlip kesgitlenildi. Sanawda iň köp klub NFL-den – jemi 32 sany. Ikinji orunda NBA klublary – 30 sany, üçünji orunda bolsa, Esasy beýsbol ligasyndan (MLB) 15 klub bar. «Formula-1-iň» wekilleri bolsa örän az – sanawa bary-ýogy 3 topar giripdir.
Top-100 sanawyna giren ähli klublaryň umumy gymmaty bolsa 470 mlrd dollar boldy.


şu gün 14:17
2.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......