NASA Älemiň gelip çykyşyny öwrenmek üçin orbita SPHEREx teleskopyny uçurar

  • 26.02.2025 13:33
  • 2.2k+

NASA mart aýynyň başynda orbita SPHEREx kosmos obserwatoriýasyny çykarjakdygyny habar berdi. Onuň maksady Uly partlamadan soň ilkinji pursatlarda Älemiň döreýiş prosesini öwrenmekden ybarat diýip, Interfaks habar berýär.

Teleskop Älemiň sekuntda trillionlarça gezek ulalmagyna getiren inflýasiýa döwri barada maglumat ýygnamaga kömek eder.
SPHEREx optiki we infragyzyl diapazonlarda işlär. Missiýa 2,5 ýyl dowam eder. Bu döwürde enjam Älemiň 3D kartasyny döreder we bir milliard töweregi asman jisimini öwrener.
Agramy, takmynan, ýarym tonna bolan obserwatoriýanyň bahasy 488 mln dollar boldy. Uçuş Kaliforniýanyň Wanderberg bazasyndan amala aşyrylar we onuň üçin SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisi ulanylar. Onuň bilen bilelikde orbita Gün täjini we Gün ýelini öwrenmek üçin PUNCH taslamasynyň çäklerinde döredilen dört hemra çykarylar.


şu gün 10:53
796

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....