Satyn alyp bolýar, ýöne 2 ýyllap satmak gadagan: Ford Mustang-y alyp-satarlardan goraýar

  • 19.02.2025 14:44
  • 6.2k+

Ford täze Mustang GTD sport awtoulagyny alyp-satarlardan (asyl bahasyndan alyp, gymmada satýanlardan) goramak üçin ýörite düzgünleri girizdi. Täze düzgünlere laýyklykda, Mustang GTD-ni satyn aljak adamlar, ony iki ýylyň dowamynda başga birine satmazlyk hakynda ylalaşyga gol çekmeli bolarlar. Kompaniýanyň maksady – bu awtoulagyň «hakyky» höwesjeňlere gowuşmagyny üpjün etmek diýip, «Ford Authority» habar berýär.

Mundan öň Ford orta hereketlendirijili GT kupesi satylanda hem şular ýaly düzgünler girizipdi.
Mustang GTD – ýaryş üçin niýetlenen Mustang GT3-üň adaty ýol üçin niýetlenen görnüşidir. Onuň kuzowy ýeňil uglerod süýüminden ýasalan, şeýle-de asma ulgamyny sazlap bolýar. Awtoulag 5,2 litrlik güýçli V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Bu hereketlendiriji 826 at güýjüni öndürýär.
Bu «Mustang» Nýurburgring ýaryş ýolunda uly üstünlik gazandy. Ol bir aýlawy 6 minut 57,685 sekuntda geçdi. Amerikan awtoulaglaryň arasynda bu iň gowy netije bolup, umumy sanawda bolsa ýedinji orny eýeledi.
Mustang GTD-niň başlangyç bahasy 300 müň dollardan ýokary. Bu awtoulag üçin isleg hem gaty ýokary. Hatda geçen ýylyň ýazynda sargyt sanawy eýýäm 2026-njy ýyla çenli dolupdy. Alyjylaryň arasynda tanymal wideoblogerler bar. Mysal üçin, Amerikanyň meşhur týuning ussahanasy Hennessey Performance-yň esaslandyryjysy Jon Hennessi hem bu awtoulagyň hyrydarlaryndan biri.
Mustang GTD-ni satyn almak isleýänler gönümel Ford-a ýörite ýüz tutmaly bolýar. Kompaniýa her bir alyjyny aýratyn saýlap alýar. Müşderilere sowalnama doldurdylýar. Olara Ford awtoulaglaryny ulanmak boýunça tejribeleri we Mustang GTD-ni geljekde nädip ulanjakdygy bilen baglanyşykly soraglar berilýär. Ford bu maglumatlar esasynda kimiň awtoulagy satyn alyp biljekdigini kesgitleýär.


27.04.2026 19:03
3.3k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

24.04.2026 10:28
5.1k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......

23.04.2026 11:31
1.6k+

Ford programma üpjünçiligindäki näsazlyk sebäpli tas 1,4 million F-150 pikapyny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy ýol hereketiniň howpsuzlygyna täsir edip biljek programma üpjünçiligindäki näsazlyk  sebäpli ABŞ-da takmynan 1,4 million F-150 pikapyny yzyna çagyrar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň......