2028-nji ýylda hokkeý boýunça Dünýä kubogy geçiriler

  • 15.02.2025 11:24
  • 3k+

Milli hokkeý ligasynyň (MHL) metbugat gullugy liganyň resmi saýtynda 2028-nji ýylda hokkeý boýunça Dünýä kubogynyň geçiriljekdigini habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaryş fewral aýynda geçiriler we MHL bilen Liganyň oýunçylarynyň assosiasiýasy (NHLPA) tarapyndan bilelikde gurnalar. Ýaryşyň Demirgazyk Amerikada we Ýewropada geçirilmegine, oňa azyndan sekiz toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýakyn aýlarda ýaryşy geçirmek üçin dalaşgär şäherlerden arza kabul edilip başlanar.
Öň Dünýä kubogy üç gezek – 1996, 2004 we 2016-njy ýyllarda geçirildi. Soňky ýaryşa sekiz topar gatnaşdy (6 milli ýygyndy we 2 birleşdirilen topar) we ýeňiji finalda Ýewropanyň ýygyndysyny utan Kanada topary boldy.
Dünýä Kubogy – 2028-e, Ýewropanyň ýygyndysy ýa-da Demirgazyk Amerikanyň ýaş ýyldyzlarynyň topary ýaly birleşdirilen toparlar bolmazdan, diňe milli toparlar gatnaşar.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

02.04.2026 10:46
2.5k+

19 ýaşly hokkeýçi Selebrini meşhur Weýn Gretskiniň utuk rekordyny gaýtalady

“San-Hose Şarksyň” 19 ýaşly hüjümçisi Maklin Selebrini NHL-iň taryhynda 20 ýaşyny doldurmanka bir möwsümde 100 utuk gazanan altynjy oýunçy boldy diýip, Liganyň web sahypasynda habar berilýär....

23.02.2026 02:06
4.5k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

04.02.2026 16:04
9.2k+

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (GAR) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer...