Futbol klublary gyşky transfer penjiresinde rekord 2,35 mlrd dollar sarp etdi

  • 09.02.2025 10:45
  • 5k+

FIFA ýanwar aýyndaky gyşky transfer penjiresiniň klub çykdajylary boýunça rekord goýandygyny habar berdi. Erkekleriň futbolynda çykdajylaryň umumy mukdary 2,35 mlrd dollara barabar boldy we bu gyşky transferleriň taryhynda iň uly mukdardyr.

Guramanyň maglumatlaryna görä, futbol klublary şu gyşda 5863 transferi amala aşyrdy.
Klublary has köp pul sarp eden ýurtlaryň ilkinji bäşligine Angliýa ($621,6 mln), Germaniýa ($295,7 mln), Italiýa ($223,8 mln), Fransiýa ($209,7 mln) we Saud Arabystany ($202,1 mln) girdi.
Ýanwar aýynda birnäçe esasy transferler boldy: winger Hwiça Kwarasheliýa “Napolini” terk edip, “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy, hüjümçi Jon Duran “Aston Willadan” “Al-Nasra”, goragçy Abdukodir Husanow bolsa “Lansdan” “Mançester Sitä” geçdi.
Zenanlaryň futbolynda-da täze rekordlar goýuldy. Klublar 455 transfere 5,8 mln dollar sarp etdi, bu hem ýanwar penjiresiniň taryhynda iň ýokary görkezijidir. Bu ýerde-de çykdajylar boýunça iňlis klublary öňde barýar – olar futbolçylara 2,3 mln dollar sarp etdi hem-de iň köp transferi (39 şertnama) amala aşyrdy.


düýn 14:15
9.8k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......