Audi awtoulaglarynyň atlandyrylşyny üýtgedýär

  • şu gün 07:18
  • 1.8k+

Kompaniýanyň habar bermegine görä, indi 1-den 8-e çenli sanlar awtoulagyň ululygyny we hatardaky ornuny görkezer.

Ilkibaşda elektrik awtoulaglara jübüt sanlary, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modellere bolsa täk sanlary bermek meýilleşdirilipdi. Emma bu ulgam satyn alyjylarda bulaşyklyga sebäp boldy.
Audi 2023-nji ýylda elektrik awtoulaglar bilen içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modelleriň atlarynyň tapawutlandyryljakdygyny mälim edipdi. Emma bu ýagdaý müşderilerde we dilerlerde düşnüksizlik döretdi. Şonuň üçin Audi öňki atlandyryş ulgamyna gaýdyp geldi, indi 1-den 8-e çenli sanlar modeliň ululygyny görkezer.
Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller öňki atlaryny saklap galar, benzinli görnüşler üçin TFSI, dizelli görnüşler üçin bolsa TDI atlary ulanylar. Elektrikli awtoulaglarda bolsa adynyň öňünden «e-tron» ýazgysy goşular. Mysal üçin, geljekde A6 we A7 modelleri täze ulgama laýyklykda täzeden atlandyrylar.
Şeýle-de, kompaniýa täze A6 modeli üçin resmi tanyşdyryş senesini mälim etdi – ol 2025-nji ýylyň 4-nji martynda tanyşdyrylar.


29.01.2025 15:55
7.3k+

Audi 45 gradusa çenli kötelleri we ýapgytlary ýeňip geçip bilýän wnedorožniginiň nusgasyny hödürledi

Audi kompaniýasy Q6 Sportback e-tron krossoweriniň binýadynda döredilen konseptual SUV Audi Q6 e-tron awtoulagyny hödürledi. Bu entek diňe Audi elektrik ulaglarynyň ýolsuz ýerlerde mümkinçiliklerini görkezýän prototip...

26.01.2025 18:16
3.8k+

Audi RS7 modeliniň 800 at güýjüne çenli kuwwaty bolan täze neslini hödürlemäge taýýarlanýar

Audi RS7 modeliniň “zarýadlanan” görnüşini öz içine aljak A7-niň täze nesliniň üstünde işleýär. Modeliň şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda peýda bolmagyna garaşylýar. Ilki uniwersal kuzowly wersiýasy...

31.12.2024 09:39
5.8k+

WhatCar hünärmenleri ulanylan iň ygtybarly awtomobilleriň ilkinji onlugyny atlandyrdylar

WhatCar neşiri ulanylan iň ygtybarly awtomobilleriň sanawyny hödürledi. Reýting tas 30 müň awtoulag eýesinden pikir soraşmalaryň esasynda düzüldi. Sanawda birinji orny öz eýelerini seýrek kyn ýagdaýa düşürýän ykjam...

29.12.2024 16:48
18k+

Mercedes we Audi üçin nyşanlary öndürýän kompaniýa tozdy

1796-njy ýylda döredilen Gerhardi Kunststofftechnik GmbH kompaniýasy maliýe kynçylyklary sebäpli öz işini bes etdi. Kompaniýa tozandygyny habar berdi we bu waka, takmynan, 15 müň işgäre täsir eder diýip, Bloomberg belleýär...